Soňky habarlar

Arhiw

«Belarus SEGODNÝA»: «Türkmen-belarus gatnaşyklarynyň uly geljegi bar»

17:1915.10.2019
0
723

«Belarus SEGODNÝA» neşiri Belarus Respublikasynyň Lideri Aleksandr Lukaşenkonyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen mejlisinde çykyş edip, aýdan sözlerini getirdi we Türkmenistanyň Arkalaşyga başlyklyk eden döwrüniň netijeli bolandygyny belläp, şeýle diýdi:

— Türkmenistan GDA-a baştutanlyk etmek gezegini kabul edip, täze möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Şol başlangyçlaryň käbiri, hususan-da, strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama şu günki gün tertibiň esasy meselesi boldy.

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň pikirine görä, bu resminamanyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň kuwwatyny jemlemäge, önümçilik-kooperasiýa we söwda gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga ymtylmalary ýene-de bir gezek tassyklandygy örän möhümdir. Belarus döwletiniň Baştutany Minskiň möhüm ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlygy goldaýandygyny nygtady.

«Belarus SEGODNÝA» şeýle hem GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde energetika, senagat, ulag we söwda ýaly ulgamlarda iri möçberli hem-de uzakmöhletleýin taslamalary durmuşa geçirmäge GDA-nyň ýurtlarynyň güýjüniň doly ýetjekdigine ynam bildiren Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini getirdi.

Şeýle hem Belarus neşiri Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň ikitaraplaýyn duşuşygynyň mazmuny barada okyjylara habar berdi. Şol duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirdiler. Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen kärdeşine ýüzlenip: «Öňümizde biziň siz bilen hökman amala aşyrmaly heniz köp işlerimiz bar» diýip belledi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň