REPORT: «Aşgabatdaky Geňeş ýokary derejede geçirildi»

17:1615.10.2019
0
503

Aşgabatdaky GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çägindäki wakalar bilen öz köpçüligini Azerbaýjanyň REPORT habarlar agentligi dessine tanyşdyrdy. Ol Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň sammitde aýdan sözlerini getirdi. Hususan-da, ol ýurdy ösdürmek hem-de Aşgabady abadanlaşdyrmak işinde Türkmenistanyň Prezidentiniň eýeleýän şahsy ornuny belläp, şeýle diýdi:

— Bu ýerde köplenç bolýaryn, düýpli özgertmeleri, okgunly ösüşi, döwrebap düzümleri görýärin. Geçen gezek men Olimpiýa şäherjigi bilen tanyşdym. Bularyň ählisi kalbyňy şatlandyrýar hem-de raýatlar üçin sport bilen meşgullanmaga örän oňat mümkinçilikleri döredýär we ýurdy ösdürmek işine uly goşant goşýar, şeýle hem iri möçberli gurluşyklar haýran galdyrýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir taslama özüniň gözegçilik edýändigini bilýärin, şoňa görä-de, şäher gülleýär hem-de şähergurluşygynyň täsin umumy binagärlik toplumy döredildi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, agentlik Aşgabatda geçirilen Geňeşiň halkara ähmiýetine uly baha berýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň