Soňky habarlar

Arhiw

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Türkmenistanyň sebitleri we ykdysady ösüşleri baradaky meselelere seredildi

17:1215.10.2019
0
2504

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçe ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Gün tertibine sebitleri we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, obasenagat toplumynda işleriň barşy, öňümizdäki baýramçylyk senelerine görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler girizildi.

Maslahatyň dowamynda Aşgabat şäheriniň we sebitleriň häkimleri döwlet baştutanyna hasabat berdiler. Hasabatlar we döwlet Baştutanynyň tabşyryklary paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, ony abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy, gyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler, güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň we beýleki oba hojalyk möwsümleriniň barşy ýaly wezipeleri öz içine aldy.

Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer B.Öwezow Senagat işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburow Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişine geçirilen gözegçilik işleri boýunça taýýarlanan maglumat, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi, wise-premýer M.Meredow nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň