Soňky habarlar

Arhiw

EASA Aşgabadyň Halkara howa menziline ýokary baha berdi

17:0415.10.2019
0
2195

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly 14-nji oktýabrda geçirilen iş maslahatynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburow döwlet Baştutanyna Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişine geçirilen gözegçilik işleri boýunça taýýarlanan maglumat barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, geçirilen barlaglaryň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş «howa derwezesi» — Aşgabadyň Halkara howa menzili Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda nusgalyk toplum diýlip ykrar edildi. Onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklary bolup, daşalýan ýükleriň möçberini we gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamynda işleri kadalaşdyrýan halkara konwensiýalara goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirip, howa menzilleriniň howpsuzlygy hem-de howa gämileriniň uçuşlary, ekipažlary we ýerüsti düzümleri döretmek boýunça halkara ölçegleri dürs berjaý edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolýan IKAO — Halkara raýat awiasiýasy guramasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda habar berildi. Onuň hünärmenleri bilen bilelikde howa menzillerini we howa hereketini dolandyrýan ähli düzümler boýunça işler geçirilýär. Awiasiýa howpsuzlygynyň ölçeglerini ulanmagyň öňdebaryjy tejribesi boýunça duşuşyklary geçirmek we maslahatlary bermek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Agentligiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, EASA-nyň bilermenleri «Türkmenhowaýollary» tarapyndan ýerine ýetirilýän uçuşlaryň howpsuzlygyny, ýurdumyzyň howa menzilleriniň üpjünçiligini berjaý etmek boýunça ýurdumyzda geçirilýän işlere oňyn baha berdiler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň