Arhiw

Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynda we stomatologiýa merkezinde germaniýaly lukmanlar işleýärler

17:5714.10.2019
0
2127

Şu günler Türkmenabat şäherinde germaniýaly lukmanlar bolýarlar. Onuň düzümine anesteziolog, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gerlinde Parteke, stomatolog Irina Fettin we hirurg Wolfgang Fettin dagylar girýärler. Olaryň ählisi öz ugurlarynda tanymal hünärmenlerdir. Lukmanlar Amyderýanyň kenarynda ýerleşen şähere Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynyň we halkara hyzmatdaşlygy boýunça nemes ykdysadyýetiniň «Senior Experten Servise ГмбХ» gullugy bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda geldiler - diýip, "Jeyhun.news" habar berýär. 

Germaniýaly hünärmenler welaýatyň köpugurly hassahanasynyň we stomatologiýa merkeziniň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam bererler. Bejeriş işiniň gidişiniň mümkinçiliklerini anyklamak, lukmançylyk hünärmenleriniň ýörite bilimlerini artdyrmak we iş tejribesini kämilleşdirmek, bejeriş işiniň derejesini, lukmançylyk enjamlarynda işlemek başarnygyny ýokarlandyrmak hem-de anyklaýyş we operatiw tehnikalardan peýdalanmagy öwretmek olaryň işiniň esasy ugurlary bolup durýar. Germaniýaly lukmanlar özleriniň türkmen kärdeşleri bilen bilelikde bejeriş işlerine gatnaşýarlar we işiň dowamynda usuly we amaly kömekleri berýärler. Olar Türkmenabat şäherinde 25-nji oktýabra çenli bolarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň