Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasport gowşuryldy

17:5314.10.2019
0
750

Türkmenabat şäher häkimliginde raýatlygy bolman, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, ýakynda raýatlyga kabul edilen adamlara Türkmenistanyň pasporty  dabaraly ýagdaýda  gowşuryldy. Welaýat häkimliginiň, welaýat polisiýa müdirliginiň we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirliginiň bilelikde guran çäresine hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar ― diýip, «Jeyhun.news» habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda 863 adam raýatlyga kabul edilipdi. Şolaryň 377-si Lebap welaýatynda ýaşaýarlar. Resminamada degişli edaralaryň ýolbaşçylaryna raýatlyga kabul edilenlere gysga wagtda Türkmenistanyň pasportyny gowşurmak barada tabşyryk berlipdi. Raýatlyga kabul edilenlere pasport bilen bilelikde gül desseleri hem gowşuryldy. Sungat ussatlary bu çäräniň has täsirli bolmagyna özleriniň goşantlaryny goşdular. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň