Türkmenistanyň futbol ýygyndysy şu gün geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygynda Kuweýtiň garşysyna ýaşyl köýnekçede oýnar. Ýerli ýygyndy bolsa meýdana gök köýnekçede çykar. Bu barada Kuweýt ― Türkmenistan duşuşygynyň öňüsyrasynda geçirilen ýygnanyşykda aýdyldy.
Duşuşyk 15-nji oktýabrda ― «Al-Kuweýt» stadionynda geçiriler. Oňa 18599 tomaşaçy ýerleşýär. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21-de başlanmagyna garaşylýar.