Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dzýudoçylary Marakaşda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar

11:4514.10.2019
0
5627

Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýaşlar ýygyndysy 16 ― 19-njy oktýabr aralygynda Karokkanyň Marakaş şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar.

«Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berlişi ýaly, biziň ýygyndymyza 60 kilograma çenli agramda Hakberdi Jumaýew, 66 kilograma çenli agramda Hekim Agamämmedow, 73 kilograma çenli agramda Agamyrat Bäşimow, şeýle-de zenanlaryň arasyndaky ýaryşda Bägül Nuryýewa (48 kilograma çenli) hem-de Zülhumar Daşkenowa (63 kilograma çenli) wekilçilik eder.

Dünýä çempionatyna 88 döwletden 558 türgen gatnaşar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň