Futzal boýunça Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär

16:0313.10.2019
0
2872

Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatyny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan düzülen işçi toparynyň maslahaty geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde guralan  maslahatyň dowamynda Türkmenistanda guraljak nobatdaky iri sport ýaryşyny ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň baýdagy astynda guraljak futzal boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşjak myhmanlary garşylamakdan başlap, ýaryşyň giriş petekleriniň eskizlerini taýýarlamak we satylmagyny gurnamaga çenli köp sanly işler maslahatyň gün tertibine girizildi.

 Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň, meýletinçileriň we jogapkär işgärleriň sport egin-eşikleri we onuň dizaýny, ýaryşyň açylyş we ýapylyş dabaralary, Aziýa çempionatyna gatnaşyjylary we ulaglary akkreditasiýa etmek, zerur bolan awtoulaglaryň sanyny kesgitlemek, çäräniň we halkara federasiýasynyň mejlisleriniň geçiriljek ýerlerini taýýarlamak, konferensiýa otaglarynda hem-de myhmanhanalarda ýokary tizlikli internetiň üpjünçiligini ýola goýmak, halkara teleýaýlyma bermek üçin zerur bolan işleri ýerine ýetirmek, ýeňijileri sylaglamak üçin medallar, kuboklar we ýadygärlik sowgatlary hem-de gatnaşyjylar üçin diplomlar bilen üpjün etmek boýunça jogapkär adamlar hasabat bilen çykyş etdiler.

Şeýle-de, ýaryşyň geçirilýän ýerlerinde, myhmanhanada we türgenleşik zallarynda talabalaýyk lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, ýaryşyň resmi nyşanynyň we bezeg işleriniň taslamasyny taýýarlamak, wideo rolikleri taýýarlamak we olary şäherlerde mahabatlandyrmakda degişli işleri alyp barmak, çäreleriň geçiriljek ýerlerinde söwda nokatlaryny hem-de «Altyn asyr» öýjükli telefon simkartlarynyň satyljak ýerlerini gurnamak, ýurdumyzyň gadymy taryhy ýadygärliklerine syýahat etmegini guramak bilen bagly edilmeli işler meýilnama boýunça alnyp barylýar.

2020-nji ýylda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatyny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin düzülen işçi toparynyň maslahatynyň dowamynda başga-da ençeme möhüm meselelere boýunça pikir alşyldy we edilmeli işler meýilleşdirildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň