Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi

11:3013.10.2019
0
639

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda milli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatiki gulluklaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň gatnaşmaklarynda 10 – 11-nji oktýabrda bolup geçen GDA döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň jemleri boýunça brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyndan başga-da, brifingde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.Beskostyý, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Blohin, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ý.Sapiýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A. Kuçkarow çykyş etdiler.

Çykyş edenleriň ählisi Arkalaşygyň maksatlarynyň we wezipeleriniň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň möhüm ornuny nygtap geçdiler.  Halkara giňişliginde, şol sanda BMG, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramalarynyň meýdançalarynda işjeň orun eýelemek bilen Türkmenistan özüniň oňyn bitaraplyk syýasatyna gyşarnyksyz eýerýändir. Şunlukda golaýda geçirilen mejlis ýurdumyzyň tutuş sebitde we dünýäde syýasy we ykdysady integrasiýanyň gazanylmagy, parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi boýunça gyşarnyksyz ygrarlylygyny  ýene-de bir ýola tassyklaýandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň