Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň uzyn asma köprüsi

02:1713.10.2019
0
19444

Hytaýyň Wuhan şäherinde dünýäniň iň uzyn iki gatly asma köprüsi guruldy.

Ýanszy derýasynyň üstünde gurlan köpriniň sütünleriniň aralygy 1700 metre, umumy uzynlygy 4,13 kilometre barabar. Bu desga Ýewraziýanyň iň uzyn derýasy hasaplanýan Ýanszy derýasynyň üstünde gurlan onunjy köprüdir. Onuň ýokarky gatynda pyýadalar üçin ýanýoda, aşaky gatynda ýanýoda hem-de welosiped ýodasy bar. Taslamany “Wuhan Urban Construction Investment and Development Group Co., Ltd.” kompaniýasy täze desganyň ýol dyknyşyklarynyň öňüni aljakdygyny we şäheriň durnukly ösüşine goşant goşjakdygyny beýan etdi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň