«Saýatly-Hemra» operasy tomaşaçylara görkezildi

19:0212.10.2019
0
983

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň döredijilik işgärleri sahna sungatynyň muşdaklaryna «Saýatly-Hemra» dessanynyň äheňinde Aman Agajykow bilen Nurygandym Hojamuhammedowyň döreden «Saýathan» operasyny tomaşaçylara görkezdi. Librettonyň awtorlary Alty Garlyýew we Atamyrat Atabaýew. Bu göwrümli eseriň premýerasynyň 2016-njy ýyylyň 26-njy iýunynda Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda görkezilipdi.

Türkmenistanyň GDA başlyklyk edýän şu ýylynda bu esere ýüzlenmegimiz ýöne ýerden däldir. Bu eser türkmen halkynyň aýdym-saz we sahna sungatynyň ösüş ugurlary barada düşünje berýär, milli ýörelgeler, ussatlyk bilen gözlegleriň gatnaşyklary bilen tanyşdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň