Soňky habarlar

Arhiw

Robert Grdowiç: «Eýrandaky saýlama duşuşyklar futzal ýygyndymyzy gutarnykly kesgitlemäge mümkinçilik berer»

13:2312.10.2019
0
4444

2020-nji ýylyň 24-nji fewraly — 10-njy marty aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatyna ykjam taýýarlanýan futzal boýunça milli ýygyndymyzyň ýakynda Horwatiýada geçirilen halkara ýaryşynda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykandygy hem taýýarlyk işleriniň häzirki wagtda dogry ýola goýlandygyny görkezýär. Bilşimiz ýaly, indi bir ýyla golaý wagt bäri ýygyndymyza horwatiýaly tälimçi Robert Grdowiç futzalyň inçe tilsimlerini öwredip gelýär. Onuň kömekçisi wezipesinde zähmet çekýän ýerli hünärmenlerimiz, öz döwrüniň belli futzalçylary Guwanç Kanaýewdir Mergen Ataýew tejribeli tälimçiniň oýun babatyndaky tilsimlerini oýunçylara dogry ýetirmekde iş alyp barýarlar. Horwatiýanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň Ýewropa yklymynda öňdäki orunlardadygy bu ýurduň tälimçileriniň öz işine professional derejede çemeleşýändigini görkezýär. Şol sebäpli-de, ýygyndymyza wajyp ýaryşyň öňüsyrasynda hut horwatiýaly hünärmeniň tälim bermegi üstünlige tarap aýgytly ädimiň ädilendiginden habar berýär.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň wekili, sport žurnalisti Orazgeldi GELDIÝEW Aziýa çempionatynyň geçirilmeginiň uly ähmiýeti hem-de ýygyndy toparymyzyň türgenleşik işleriniň gidişi hakyndaky sowallar bilen futzal boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň tälimçiler düzümine ýüz tutup, olar bilen söhbetdeş boldy. Federasiýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen bu söhbetdeşligi "Turkmenportal" hem okyjylary bilen paýlaşýar.

–  Guwanç, bilşimiz ýaly, siz şol birwagtda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň futzal bölümine hem ýolbaşçylyk edýärsiňiz. Söhbetimize Aziýa çempionatyna taýýarlyk görmek bilen bagly guramaçylyk meseleleri baradaky gürrüňden başlaýalyň.

–  Ilki bilen şunuň ýaly iri halkara ýaryşlaryny geçirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Taýýarlyk işlerine doly girişildi. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylar düzümi ýaryşy ýokary derejede guramak bilen bagly häzirden uly işleri geçirýärler. Aziýa çempionaty 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly — 10-njy marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda geçiriler. Ýaryşyň şertine görä, eýýäm häzirden türgenleşik meýdançalarynyň dördüsini taýýarlaýarys. Garaz, Aziýa çempionatyny ýokary derejede geçireris diýip ynam bilen aýdyp bolar. Çünki sport ýurduna öwrülen ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyz bu ugurda bize ähli şert-mümkinçilikleri döredýär.

–  Robert, sizi ilki bilen şu ýylyň dowamynda çeken zähmetiňiziň halkara ýaryşynda gazanylan ýeňşe ýetirendigi bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys.

–  Sag boluň! Mundan öňki geçiren okuw-türgenleşiklerimiz Horwatiýadaky halkara ýaryşynda mese-mälim duýuldy. Oglanlar özlerinden edilen talaby aňryýany bilen ödediler. Güýçli toparlaryň arasynda ikinji orny eýelemegimiz Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatyna umyt bilen garamaga mümkinçilik berýär.

–  Mergen, siz – ýurdumyzyň futzal ýygyndysynyň ozalky kapitany, ildeşlerimiziň häzire çenli Aziýa oýunlarynda gazanan iň uly üstünliginiň gözli şaýady bolduňyz. Häzir bolsa ýygyndy toparymyzda tejribeli tälimçä kömekleşýärsiňiz.

–  Guwanç dogry aýtdy. Hakykatdan hem,eziz Watanymyz häzirki wagtda sport ýurduna öwrüldi. Oýunçy döwürlerimiz bilen deňeşdirenimde, häzirki döredilýän şertleriň aňrybaş ülňülere laýyk gelýändigini buýsanç bilen bellemek bolar. Şol bir wagtyň özünde öňde durýan wezipelerem ýokarlandy. Bu şeýle-de bolmaly. Çünki bize türgenleşmäge güýçlüler bilen oýunlary guramaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

–  Hormatly myhmanlar, geliň, indi söhbetimizi abraýly ýaryşyň öňüsyrasyndaky taýýarlyk işleriniň geçişi baradaky gürrüň bilen dowam edeliň.

–  Guwanç Kanaýew:

–  Aziýa çempionatyndaky şowly çykyş Litwada geçiriljek dünýä çempionatynyň final bölegine düşmäge mümkinçilik berýär. Şol sebäpli ýygyndy toparlaryň hemmesi-de bu ýaryşa çynlakaý çemeleşýärler. Dünýä reýtinginiň öňdäki orunlaryna çykan Aziýanyň ýygyndylarynyň dünýä çempionatlarynda hem netijeli çykyş edýändikleri hemmämize mälimdir. Argentinada geçirilen dünýä çempionatynda Eýranyň ýygyndysynyň üçünji orny eýeländigi hem muňa şaýatlyk edýär.

–  Mergen Ataýew:

–Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Ata Watanymyzda geçiriljek yklym çempionatynda üstünlikli çykyş etmek häzirki wagtda öňde goýýan esasy wezipämiz bolup durýar. Munuň üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys. Biz geçirilýän türgenleşiklerde tälimçimiziň goýýan taktikalarynyň hemmesini ilikdüwme seljerip, oýunçylara ýetirmäge çalyşýarys.

–  Robert Grdowiç:

–  Okuw-türgenleşiklerimiziň aglabasyny geçirmek üçin tötändenÝewropa döwletlerini saýlap almadyk. Bolgariýada ýerli çempionatyň ýeňijisi bilen geçiren duşuşyklarymyzda esasy ünsi taktikada jemlän bolsak, Horwatiýadaky halkara ýaryşy fiziki taýýarlygymyzy seljermäge gowy mümkinçilik berdi. Onda Belgiýa, Çernogoriýa, Norwegiýa ýaly Ýewropanyň ýygyndylary bilen bolan duşuşyklarymyz bahasyna ýetip bolmajak tejribe mekdebi boldy. Kuweýtde ýerli ýygyndy topar bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşyklarymyz bolsa Aziýa futzalyna aralaşmaga, oýnumyza baha bermäge şert döretdi.

–  Umuman,ýygyndymyzyň şowly çykyş etmegi üçin döredilen mümkinçilikler barada hem pikiriňizi paýlaşaýsaňyz.

–  Guwanç Kanaýew:

–  Ýokary derejede döredilen mümkinçilikere diňe ýeňiş bilen jogap beräýmek galýar. Nesip bolsa,ýakyn günlerde Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçireris. Ondan soň bolsa Eýranda geçiriljek saýlama tapgyra gatnaşarys. Ýer eýeleri Eýranyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary bilen geçiriljek duşuşyklar kesgitleýji bolmasa-da, taýýarlyk derejämiziň nobatdaky seljermesi bolar. Hormatly Prezidentimiziň bize, sport ulgamynyň wekillerine döredip berýän mümkinçilikleri üçin köpsagbolsun aýdýarys.

–  Robert Grdowiç:

–  Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň öňümizde goýan wezipelerini amala aşyrmaga ähli mümkinçilikler bar. Häzirki wagta çenli geçiren okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarymyzda Aziýa çempionatynda çykyş etmäge ukyply futzalçylarymyzy gözden geçirdik. Men eýýäm çykyş etjek futzalçylarymyzyň aglabasyny saýladym diýsemem boljak. Eýranda geçiriljek saýlama tapgyryň duşuşyklarynyň netijesinde milli ýygyndymyzyň düzümine goşuljak futzalçylary anyk kesgitläris.

Öňümizdäki yklym ýaryşynda biziň öňümizde öňdäki orunlara düşmek meselesi goýuldy. Futzal oýny garaşylmadyk netijelere örän baý. Muny Argentinada geçirilen dünýä çempionatynda Eýranyň milli ýygyndysynyň gazanan bürünç medaly hem şaýatlyk edýär. Biz hem ýerli hünärmenler bilen egin-egne berip işleşýäris. Netijemi?.. Netije, nesip bolsa, bolar. Sebäbi islendik künjekde ýurt derejesinde berilýän uly goldaw iru-giç öz oňyn miwesini berýär. Muny dünýä tejribesi aýdyňlygy bilen subut edip gelýär.

–  Mergen Ataýew:

–  Häzirki günler biziň hemmämiz uly synagyň öňünde durus. Sebäbi 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň şowly çykyş etmegini gazanmak üçin ähli şertler döredilýär. Bu bolsa biziň jogapkärçiligimizi artdyryp, üstünlikli çykyş etmäge borçly edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň