Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: Ruslan Mingazow janköýerleri milli ýygyndymyzy goldamaga çagyrýar

13:1712.10.2019
0
8019

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem-de Gazagystanyň «Irtyş» toparynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow şahsy Instagram hasabynda türkmenistanly futbol janköýerlerini milli ýygyndymyzy goldamaga çagyrdy. Ol şahsy hasabynda ýerleşdiren täze bloglarynyň birinde özüniň milli ýygyndydaky oýny we Watançylyk söýgüsi barada gürrüň berýär. Tejribeli ýarym goragçynyň bu ýazgysyny «Turkmenportalyň» okyjylary bilen hem paýlaşmagy makul bildik:

«Men Türkmenistanyň futbol ýygyndysyna ilkinji gezek 17 ýaşymda çagyryldym. Şu ýazgylarda özümiň milli ýygyndy bilen bagly taryhym hakynda biraz gürrüň bermegi isledim. Ýaş futbolçylaryň ählisinde bolşy ýaly, men hem arzuwlarymyň yzyna düşüp, Ýewropada futbol oýnamak isledim. Bu arzuwyma hem ýetdim. Şol ýyllarda men Ýewropa ýygyndylarynyň ikisiniň raýatlyk baradaky tekliplerinden ýüz öwürmeli boldum. Ýogsam, bu iki döwletde men uzak ýyllaryň dowamynda futbol hem oýnadym. Belki maňa derek başga biri bolsa beýle tekliplerden ýüz öwürmezdi. Çünki Ýewropada futbol düýbünden başga derejede. Garşydaşlaryň hemişe Ýewropanyň güýçli ýygyndylary ýa-da klublary. Ol ýerde yklymyň legioner sany çäklendirilmedik güýçli toparlaryna geçmek mümkinçiligi hem ýokary. Ýöne men bu ädimi ätmedim. Öz Watanymyň ― Türkmenistanymyň futbol ýygyndysyny saýladym. Çünki heniz 17 ýaşly Ruslan edil häzirkisi ýaly Watanyny tüýs ýürekden söýýärdi. Çünki meniň futbola bolan söýgim hut şu toprakda köredi.

Men bu ýygyndyda oýnaýandygyma hemişe tüýs ýürekden buýsanýaryn. Watanymyň abraýy üçin futbol oýnamak meniň üçin belent mertebe.

Biz ― futbolçylar, halkara ýaryşlarda öz Watanymyzyň abraýy üçin göreşmeli. Biziň şu ýyl Aziýa kubogyna gatnaşmagymyz öz güýjüňe ynansaň we yhlasyňy gaýgyrmasaň, üstünligiň uzakda däldigini görkezdi. Men başga ýygyndylary saýlan bolsam, bu saýlawyň ykbalyma nä derejede täsir etjekdigini bilemok, ýöne başga bir zady bilýärin. Men Türkmenistany saýlap, örän dogry ädimi ätdim. Milli ýygyny üçin oýnanymda janköýerleriň gyzgyn goldawy maňa goşmaça güýç, gaýtalanmaz duýgulary bagyşlaýar. Çünki öz ýüregim hem stadiondaky müňlerçe janköýer bilen bir hörpde urýar. Ählimiz Türkmenistanyň üstünligini isleýäris.

Häzir biz Dünýä çempionaty ― 2022-ä çykmak ugrundaky göreşi dowam etdirýäris. Noýabr aýynda bize netijesi juda wajyp duşuşyklar garaşýar. Öz meýdanymyzdaky bu duşuşyklarda bize ilkinji gerek zat janköýerlerimiziň gyzgyn goldawydyr. Men ählli janköýerlerimizi 14-nji we 19-njy noýabrda boljak duşuşyklarda milli ýygyndymyzy tüýs ýürekden goldamaga çagyrýaryn. Diňe öňe, Türkmenistan!».

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň