Arhiw

DÇ ― 2022-niň saýlama tapgyry: Ante Mişe: «Utulyş bilen toparçadaky mümkinçiligimizi ýitirmedik»

23:4711.10.2019
0
12636

Düýn Beýrut şäherindäki «Kamil Şamun Sports Siti» stadionynda geçirilen Liwan ― Türkmenistan futbol duşuşygyndan soňra (2:1) geçirilen metbugat maslahatynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe birinji ýarymda hüjümçi Wahyt Orazsähedowyň şikes alyp, meýdandan çykarylmagy bilen bagly, onuň saglyk ýagdaýy barada maglumat berdi.

Liwanyň milli ýygyndysyny gutlan tälimçi öz oýunçylaryny hem öwdi. «Biziň toparymyz hem gowy oýnady, futbolçylarymyz duşuşykdan-duşuşyga tejribe toplaýar» diýip, ol duşuşygyň ähmiýetine ünsi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, bu utulyş Türkmenistanyň ýygyndysynyň toparçadaky ykbalyna heniz uly bir täsir edenok.

Žurnalistler liwanly futbolçy Maatuk barada hem sowal berdiler. Çünki tälimçi duşuşykdan ozal geçirilen metbugat maslahatynda Maatugyň ukybyna ýokary baha berip, onuň özleri üçin iň howply oýunçy bolup biljekdigini aýdypdy. Ýöne duşuşykdan soňra ol Maatugyň garaşylanyndan pes derejedäki oýny orta goýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň