Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan – GDA: sanlar, maglumatlar, wakalar

20:1411.10.2019
0
1610

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde oňa agza döwletleriň arasynda daşary syýasy ugrunda, söwda-ykdysady, ulag, energetika, ylmy-tehnologiýa, bilim, medeni, şeýle-de sport babatda hyzmatdaşlyk etmegi öňdebaryjy maksatlar hökmünde kesgitledi.

1991-nji ýylyň 8-nji dekabry.  Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA)  döredildi.

1991-nji ýylyň 26-nji dekabry. Türkmenistan GDA agzalyga kabul edildi.

2005-nji ýylyň 26-njy awgusty. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy boldy. 

2007-nji ýylyň noýabry. Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň maslahaty geçirildi.

2012-nji ýyl. Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etdi.  

2012-nji ýyl. Mary şäheri – GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.

2016-njy ýyl. Daşoguz şäheri – GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.

2016-njy ýylyň 7-nji sentýabry. Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 55-nji mejlisi geçirildi.

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabry. Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 24-nji mejlisi geçirildi. 

2018-nji ýylyň 28-nji sentýabry.  GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň   Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde bolan mejlisinde Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi baradaky Karar kabul edildi.

2019-njy ýyl, 15 – 16-njy maýy. Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň «Arkalaşygyň umumy ynsanperwer giňişligi: medeniýet, bilim we ylym ulgamynda söhbetdeşlik» diýlip atlandyrylan XIV forumy geçirildi. 

2019-njy ýylyň 15-nji maýy. «Arkalaşygyň ýyldyzlary — 2018» döwletara  baýragyna mynasyp bolanlary sylaglaýyş dabarasy boldy. 2008-nji ýylda döredilen bu baýrak Arkalaşygyň çäginde ylym, bilim, medeniýet we sungat, ynsanperwer ulgamlaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşan wekillere gowşurylýar.  Şu ýyl bu baýraga ýurdumyzdan ilkinji gezek Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew mynasyp boldy.

2019-njy ýylyň 15-nji maýy. Aşgabatda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky, 22-nji mejlisi geçirildi.

2019-njy ýylyň  31-nji maýy. Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky 73-nji mejlisi boldy. Mej­li­siň çäk­le­rin­de 2019-njy ýy­lyň 25-nji okt­ýab­ryn­da Rus­si­ýa­nyň tek­li­bi­ boýunça Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sini Mosk­wa şä­he­rin­de ge­çir­mek ba­bat­da yla­la­şy­ga ge­lin­di.

2019-njy ýylyň 19 – 20-njy iýuly. Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň XXIX mejlisi we «Saglyk — 2019» halkara sergisi geçirildi.

2019-njy ýylyň 13-nji sentýabry. Şol gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisi boldy. Mejlisde birnäçe degişli meseleler bilen birlikde, Arkalaşyga agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Jarnamany hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde öňe sürüpdi.

***

Türkmenistan şu ýylyň özünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde, hökümet Baştutanlarynyň Geňeşinde, daşary işler ministrleriniň Geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk edýär. Bu babatda 2019-njy ýylyň mart aýynda Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň, Ykdysady forumyň, 5-nji aprelinde bolsa oňa agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde (10.10.2019) beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň