Arhiw

Nobeliň edebiýat baýragynyň eýeleri mälim edildi

20:0611.10.2019
0
862

Nobeliň edebiýat baýragyny polşaly ýazyjy Olga Tokarçuk hem-de awstriýaly Peter Handke almaga hukuk gazandy. Bu abraýly baýrak Olga Tokarçuka “eserlerini ensiklopedik hyjuwy arkaly hyýaly beýan edip, durmuşyň dürli ugurlaryna çuňňur aralaşandygy üçin” 2018-nji ýylyň Nobeliň edebiýat baýragyna mynasyp görlendigi bellenilýär. Ýeri gelende aýtsak, Nobeliň edebiýät baýragy geçen ýyl berilmän, onuň şu ýyl beriljekdigi mälim edilipdi. Peter Handkeniň bolsa, “lingwistik ukyby arkaly adamzat tejribesiniň aýratynlyklaryny içgin öwrenendigi üçin” 2019-njy ýylyň Nobeliň edebiýat baýragyna mynasyp bolandygy habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň