Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglandy

16:2511.10.2019
0
10423

11-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi.  

Mejlisiň barşynda Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Prezidentiniň Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer ulgamda çäreleriň ençemesini taýýarlamaga we geçirmäge uly goşant goşandygyny belläp, GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy “Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi kabul edendigini aýtdy.

Bu sylagy gowşurmak üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bilbil ogluny, Müdiriýetiniň başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Mihail Şwydkoýy, şeýle hem döwletara gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory Anatoliý Iksanowy çagyrdy.

YHDG-niň müdiriýetiniň başlygy Polat Bilbil ogly şu gün bu ýerde bolmagyň hem-de gaznanyň müdiriýetiniň we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşiň adyndan Türkmenistanyň halk artisti hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bu medaly gowşurmagyň hem-de uly üstünlikleri arzuw etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Öz nobatynda, YHDG-niň başlygy Mihail Şwydkoý GDA-nyň çäklerinde döwletara ynsanperwer-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge, baý milli medeniýeti wagyz etmäge türkmen Lideriniň uly goşandyny aýratyn belläp, Magtymguly Pyragynyň “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň” diýen joşgunly setirlerini mysal getirdi.

Sammite gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda GDA agza döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň Müdiriýetiniň başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bilbil ogly Türkmenistanyň Prezidentine hormatly sylagy gowşurdy.

Türkmen Lideri GDA agza döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasynyň müdiriýetine bu ýokary sylag bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdiň kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu waka, ilkinji nobatda, Türkmenistana we onuň halkyna hormat-sarpanyň nyşany, medeni-ynsanperwer ulgamda GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde ýurdumyzyň hyzmatlarynyň ykrarnamasy hökmünde baha berýändigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň