Soňky habarlar

Arhiw

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň 2020-nji ýyldaky Geňeşi Daşkentde geçiriler

16:2211.10.2019
0
9767

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen Geňeşiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmek hakyndaky hem-de döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakyndaky meselelere geçip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berdi, ol degişli habar bilen çykyş etdi.

Sammite gatnaşyjylaryň kabul eden çözgüdine laýyklykda, geljek ýylda GDA-da başlyklyk etmegi Özbegistan Respublikasy amala aşyrar.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlaryň adyndan özbek hyzmatdaşlara Arkalaşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bu wezipäni ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Kabul edilen çözgüde laýyklykda, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Daşkentde geçiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň