Soňky habarlar

Arhiw

Kasym-Jomart Tokaýew: «Gazagystan GDA-nyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydyr»

15:0511.10.2019
0
3622

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen Geňeşinde çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew GDA ýurtlarynyň arasynda ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmegiň möhümdigini aýratyn belledi.

Gazagystanyň Baştutany Arkalaşygyň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegi möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitläp, bu ugurda bilelikdäki işleri dowam etmegiň, häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryna täze itergi bermegiň, tejribeleri we bilimleri netijeli alyşmagyň, degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Sammitiň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini bellemek bilen, goňşy döwletiň Baştutany Gazagystanyň GDA-nyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň