Soňky habarlar

Arhiw

Paşinýan: «Ermenistan GDA-nyň çäklerinde goşulyşmak işlerini giňeltmäge gönükdirilen islendik başlangyçlary goldaýar»

13:3311.10.2019
0
3135

Paşinýan: «Ermenistan GDA-nyň çäklerinde goşulyşmak işlerini giňeltmäge gönükdirilen islendik başlangyçlary goldaýar»

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, bu mejlisiň ajaýyp guralandygy hem-de myhmansöýer türkmen topragynda bildirilen mähribanlyk we göwnaçyklyk üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, özüniň ilkinji gezek bolýan ýeri Aşgabada, onuň ajaýyp binagärligine hem-de şäheriň döwrebap keşbine örän haýran galandygyny belledi.

Ermenistanyň hökümetiniň ýolbaşçysy Arkalaşyga başlyklyk etmegiň çäklerinde GDA-ny has-da ösdürmäge gönükdirilen netijeli işler üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi. Munuň özi mejlisiň gün tertibiniň meseleleriniň sanawynda beýanyny tapdy.

Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň nygtaýşy ýaly, ermeni tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda öňe süren Jarnamasyny mübärekleýär hem-de hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we GDA-nyň çäklerinde goşulyşmak işlerini giňeltmäge gönükdirilen islendik başlangyçlary goldaýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň