Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygynda özarabähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine seredildi

12:2511.10.2019
0
3490

Şu gün Prezident Kasym-Jomart Tokaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gazagystan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi ― diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda ýazylýar.

Saparyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky netijeli ösüşini işjeňleşdirmek, şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygy geljekde hem berkitmek meselelerine seredilip geçildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň