Aşgabatda Prezidentler G.Berdimuhamedow bilen W.Putiniň arasynda duşuşyk geçirildi

12:1011.10.2019
0
13272

Şu gün – 11-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putinyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. 

Saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň baştutanlary syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de taraplar BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki türkmen-rus hyzmatdaşlygyň ösüş meseleleri barada pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň ahyrynda resminama kabul edildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň