Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti özbek-türkmen gatnaşyklaryna ýokary baha berýär

22:5010.10.2019
0
3944

10-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet   Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň üstünde durup geçdiler. Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň