Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklar bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar

21:4610.10.2019
0
2710

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň öň ýanynda iki ýurduň Baştutanlary sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlary hil taýdan täze derejä çykyp, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan döwletara gatnaşyklar bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlilik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna üns bermek bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew özara gatnaşyklaryň köpugurly mümkinçiliklerini netijeli amala aşyrmagyň umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýändigini bellediler.

Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz ygtybarly daşary söwda hyzmatdaşlary bolmak bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara işjeň gatnaşyklary saklaýar. Şunda harytlaryň sanawyny artdyrmakda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuna aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler döwletlerimiziň dünýäde iri önüm öndürijiler we energiýa serişdelerini iberijiler bolmak bilen, çäk taýdan ýakynlygyny nazara almak bilen ýangyç-energetika pudagynda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny bellediler.

Ulag ulgamy türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň esasy ugrudyr. Bu ulgamda üstaşyr-ulag düzümini döretmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Türkmenistanda bolşy ýaly, bu ulgamda Azerbaýjan hem döwrebap düzüme, hususan-da, portlar düzümine eýedir. Munuň özi awtomobil-parom hem-de demir ýol-parom gatnawlary boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, köpugurly logistika ulgamyny döretmäge ýardam edýär.

Söhbetdeşleriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda medeniýet, bilim hem-de ylym ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine, syýahatçylyk we sport ulgamlary boýunça gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär. Bularyň hemmesi türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýär.

Şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň