Soňky habarlar

Arhiw

S.Lawrow: – Biz Hazar meselesi we energetika babatda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde Türkmenistanyň başlangyçlaryny doly goldaýarys

20:2710.10.2019
0
10099

Sergeý Lawrow, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Arkalaşyga agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesini aýratyn bellemek isleýärin. Biz bu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen örän möhüm resminamany — Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hereketleriniň Maksatnamasyny ylalaşmak boýunça işleri tamamladyk. Bu resminama biziň geljekde halkara guramalary we beýleki düzümler bilen hyzmatdaşlygymyzyň anyk ugurlaryny kesgitlemegiň binýadyny goýýar. Ol gatnaşyklar, esasan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly sebit we halkara düzümler bilen baglanyşyklydyr.

Bu günki nobatdaky duşuşygy ýokary derejede guramakda netijeli tagallalary alyp baran türkmen tarapyna aýratyn minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Duşuşygyň gün tertibiniň örän baý mazmuny öz içine alandygyny aýtmak gerek. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde Arkalaşygyň Oýunlaryny geçirmek boýunça taslama hem seredildi we ol döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna berildi. Ylalaşyga laýyklykda, Arkalaşygyň Oýunlary her  iki ýyldan bir gezek geçiriler. Oýunlaryň ilkinjisini guramagy Russiýanyň öz üstüne alandygyny aýtmak isleýärin. Nesip bolsa, 2020-nji ýylda biz bu Oýunlary Kazanda geçireris.

Men Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hökmünde türkmen-rus gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini aýratyn nygtamak isleýärin. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar örän ýokary derejede hem-de yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň döwlet Baştutanlary, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we orunbasarlary derejesinde dürli ugurlar boýunça duşuşyklar ýygy-ýygydan geçirilýär.

Biz Türkmenistan bilen bilelikde geljekde Milletler Bileleşigi derejesinde möhüm ähmiýete eýe boljak birnäçe meseleler boýunça ylalaşyklary taýýarlaýarys. Hazar meselesi we energetika babatda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny doly goldaýarys. Şu günki saparyň hem-de geçirilen duşuşyklaryň ýokary derejesini nazarda tutsak, türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýurtlarymyzyň Baştutanlary tarapyndan ylalaşylan ugurlar boýunça barha pugtalanjakdygyny aýtmak bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň