Lebap welaýatynda paýly gulruşyk esasynda täze ýaşaýyş jaýlary teklip edilýär

18:5110.10.2019
0
1680

Lebap welaýat häkimliginiň «Türkmen gündogary» gazetinde berlen bildirişde «Ata sarpasy» hususy kärhanasynyň paýly gurluşygyň hasabyna Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan awtomobil ýoluň ugrunda we Çärjew etrabynyň çäginde gurulýan täze, döwrebap şäherçede 4 gatly 32 öýli, iri panelli ýaşaýyş jaý larynyň gurluşygyny alyp barýandygy aýdylýar.

Bildirişde ýazylyşy ýaly, gurulýan jaýlardaky öýler 3 we 4 otagdan ybarat bolup, olar ähli amatlylyklary öz içine alýar. Öýleriň nyrhlary 3 otaglysy ― 285000 manat, 4 otaglysy ― 320000 manat.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kärhana jaý edinmek isleýän adamlara Türkmenabat şäheriniň Ärsarybaba köçesiniň 52-nji jaýyndaky salgysy bilen ýa-da (8422) 6-40-40; 865 820040 telefon belgileriniň üsti bilen habarlaşmagy teklip edýär.

Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda we Çärjew etrabynda täze ýaşaýyş toplumlarynyň düýbi şu ýylyň iýun aýynda tutuldy. Şol gün welaýatyň Kerki, Halaç we Saýat etraplarynda hem täze şäherçeleriň gurluşygyna badalga berlipdi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň