Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply hususyýetçiler eksportyň gerimini giňeldýärler

18:0110.10.2019
0
945

Lebap welaýatynyň hususyýetçileri önümleri daşary ýurtlara eksport etmek babatynda hem guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Anyk mysallara salgylansak, diňe bir welaýatda işleýän hususyýetçiler şu ýyl daşary ýurtlara müňlerçe tonna önüm eksport etdiler ― diýip, «Türkmen gündogary» gazetinde ýazylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan oba hojalyk bilen meşgullanýan hususyýetçiler şu ýyl daşary ýurtlara 1320 tonna pomidor, 43 tonna kö melek eksport etdiler. Şeýle hem «Altyn saraý», «Döwrebap çözgüt» hususy kärhanalary dünýä bazaryna uly mukdarda polipropilen haltalary ýerledi. Satylan haltalaryň umumy bahasy ABŞnyň 950 müň dollaryndan geçdi. «Altyn bürgüt» hususy kärhanasy bolsa polipropilen turbalaryň 120 tonnasyny daşary ýurtlara eksport etdi. Dün ýä bazaryna çykarylan gurluşyk serişdeleriniň arasynda «Mizemez gadam» hususy kärhanasy tarapyndan öndürilen izogan hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň