Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: Türkmenistan ak, Liwan gyzyl köýnekçede oýnar

15:0310.10.2019
0
4028
Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Liwanyň ýygyndy toparynyň garşysyna ak köýnekçede çykyş eder ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär. Dünýä çempionaty-2022-niň ikinji saýlama tapgyrynyň duşuşygynyň öňüsyrasy "H" toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň hem-Liwanyň milli ýygyndylarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Beýrut şäherinde ýörite ýygnak geçirildi. Onuň dowamynda milli ýygyndylaryň resmi wekillerinden başga duşuşygyň komissary, eminleriň gözegçisi, duşuşygy guraýjylardyr resmi wekiller ertirki oýnuň guramaçylygy bilen bagly maslahat geçirdiler. Mundan başga, ýygnagyň dowamynda ýygyndylaryň çykyş etjek köýnekçeleri mälim edildi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygynda ak köýnekçede çykyş eder. Liwanyň ýygyndy topary bolsa gyzyl köýnekçe geýer. Ýeri gelende bellesek, Dünýä çempionaty – 2022-niň çäginde “H” toparçada duşuşýan Liwanyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 10-njy oktýabrda Beýrut şäheriniň “Kamil Şamun Sports Siti” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň