Soňky habarlar

Arhiw

Liwiýu Çobotarui: «Biz türkmen futbolçylarynyň ýiti hüjümini saklamaga çalyşmaly»

17:5009.10.2019
0
15651

Surat: FaLebanon.

― Türkmenistan futbol ýygyndysynyň gowy oýunçylary bar. Olar islendik topara howp döredip biljek derejede güýçli. Biziň ilkinj maksatlarymyzyň biri garşydaşyň ýiti hüjümleriniň öňüni almak bolar ― diýip, Beýrut şäherinde geçirilen metbugat maslahatynda Liwiýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi, rumyniýaly hünärmen Liwiýu Çobotarui aýtdy.

Toparlaýyn goranmagyň we akylly-başly hüjüm gurnamagyň ähmiýetine ünsi çeken tälimçi türkmen futbolçysy Arslanmyrat Amanowyň ukybyna hem ýokary baha berdi.

Liwiýa ýygyndysynyň kapitany Hasan Maatuk bolsa ilkinji duşuşykdaky utulyşy ýatdan çykaryp, esasy ünsi öňdäki duşuşyga gönükdirendiklerini aýtdy. Ol Türkmenistan bilen boljak duşuşygyň netijesiniň özleriniň tutuş saýlama tapgyrdaky ykbalyny kesgitläp biljekdigine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň