Soňky habarlar

Arhiw

Ante Mişe: «Liwanyň ýygyndysyna hormat goýýaryn»

17:4209.10.2019
0
16227

Ertir Beýrut şäherindäki «Kamil Şamun Sports Siti» stadionynda Liwanyň hem-de Türkmenistanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda duşuşyk geçiriler. Dünýä çempionaty ― 2022-niň hem-de Aziýa kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynyň çägindäki duşuşygyň öňüsyrasynda bolan metbugat maslahatyna milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe bilen kapitan Arslanmyrat Amanow gatnaşdy.

― Ertir kyn oýna garaşýaryn. Utuk iki ýygyndy üçin hem möhüm. Meniň pikirimçe, ol Liwanyň ýygyndysyna has möhüm. Liwan birinji duşuşygynda utuldy ― diýip, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi metbugat maslahatyna oýun baradaky pikirlerinden girişdi.

― Liwana garşy oýun üçin nähilidir bir oýun meýilnamaňyz barmy?

― Biz oýny garşydaşa görä alyp bararys. Liwanyň ýygyndysynyň duşuşyklarynyň wideoýazgysyna tomaşa eden hem bolsak, bu ýygyndy biziň heniz «açylmadyk sandyk».

― Şikes sebäpli duşuşyga gatnaşyp bilmejek futbolçylaryňyz barmy?

― Eger Myrat Ýagşyýewi hem goşsak, häzir toparymyzda üç sany şikesli futbolçy bar diýip bileris. Olaryň ýagdaýyna ertir serederis.

― 2011-nji ýylda hut şu stadionda Liwanyň ýygyndysy Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyndan üstün çykypdy. Ertir siz garşydaşlaryňyzdan şeýle güýçli oýna garaşýarsyňyzmy?

― Maňa Liwanyň ýygyndysynyň statistiki maglumatlary tanyş däl. Ýöne ýygynda we onuň baş tälimçisine hormat goýýandygymy aýtmak isleýärin. Liwanda käbir güýçli oýunçylar bar. Men olardan Helwe bilen Hasan Maatugy belläp bilerin. Biz, esasan hem, Hasan Maatuga garşy ätiýaçly bolmaly diýip pikir dýärin.

Arslanmyrat Amanow, kapitan:

― Men görkezilen myhmansöýerlik üçin Liwan tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Duşuşyk iki tarap üçin hem wajyp. Liwan şu saýlama tapgyrda öz meýdanyndaky ilkinji duşuşygyna çykýar. Elbetde, garşydaşlarymyzyň maksady ýeňişdir. Biz hem öz oýnumyz bilen özümizi kanagatlandyrýan netijäni almaga çalşarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň