Lebap welaýat kitaphanasy 100 ýaşady

16:4909.10.2019
0
2693

Lebap welaýat kitaphanasy şu ýyl özüniň 100 ýyllygyny belleýär. 1919-njy ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenabatda (şol wagt şähere Çarjuý diýilýärdi) edebiýaty halaýanlar üçin açylan ilkinji kitaphanada şol wagt 5,5 müňden sähel gowrak kitap bardy. 

2014-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň dolandyryş merkezinde döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda welaýat kitaphanasy dabaraly ýagdaýda işe girizildi. 

Kitaphana jemi 11,5 müň inedördül metre golaý meýdany tutýar. Häzirki wagtda bu ýerde 300 müňden gowrak kitap bar. Birbada 450 adama niýetlenen döwrebap enjamlaşdyrylan okalgalaryň 11-si, maslahatlar zaly, internet otagy, kinozal we beýlekiler okyjylaryň hyzmatynda. Kitaphanada galyň ktaplar saklanylýar. «Kitaplar öýüniň» ýokarky gatynda Germaniýanyň kuwwatly teleskopy oturdylan, okuwçylar we talyplar onuň kömegi bilen astronomiýany öwrenýärler, asman jisimlerine syn edýärler. 

Häzirki wagtda Amyderýa jülgesiniň şäherlerinde, etraplarynda, şäherçelerinde we obalarynda kitaphanalaryň 53-si hereket edýär. Olarda jemi 1 million 350 müň kitap bar. Şu günler olary sanly görnüşe geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň