Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: «Al Kass» Liwan ― Türkmenistan duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

13:5209.10.2019
0
7517

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çägindäki Liwan ― Türkmneistan futbol duşuşygy Al Klass Sports teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp görkeziler. Duşuşygyň birinji ýarymyna LBCI Lebanon, ikinji ýarymyna FaLebanon ýaýlymlary arkaly tomaşa etmek hem mümkin bolar. Duşuşyk 10-njy oktýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 21-de başlanar.

Türkmenistanyň hem-de Liwanyň ýygyndylary Dünýä çempionatynyň Aziýa boýunça üçünji saýlama tapgyrynyň çäginde ýaryşýarlar. Häzir biziň ýygyndymyzda iki duşuşykdan soňra 3 utuk bar.  Yzda galan iki tapgyrda bir duşuşyk geçiren Liwanyň ýygyndysynda bolsa heniz utuk ýok.

Iki döwletiň milli ýygyndylary mundan ozal iki gezek duşuşypdylar. 1996-njy ýylda milli ýygyndymyz Baýram Durdyýewiň ýolbaşçylygynda Liwanda geçirilen oýunda 1:3, bir hepde soňra Aşgabatda bolan jogap duşuşygynda hem 0:1 hasabynda asgyn gelipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň