Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: Liwan ― Türkmenistan duşuşygyna ýaponiýaly hünärmenler eminlik eder

00:2109.10.2019
0
11769

Dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde duşuşýan Liwanyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygy ýaponiýaly eminler topary eminlik ederler.

Bu duşuşygyň emini 37 ýaşly FIFA-nyň emini Takuto Okabe bolar. Oňa meýdanda ildeşleri FIFA-nyň kömekçi eminleri Isao Nişihaşi bilen Osamu Nomura kömekleşerler. Ätiýaçdaky eminiň wezipesini FIFA-nyň emini palestinaly Baraa Kamal Abu Aýşa ýerine ýetirer. Gözegçi eminleriň wezipesi malaýziýaly Jeýsing Musiýanyň, duşuşygyň komisarynyň wezipesi bolsa hindistanly Komaleeswaran Sankaryň üstüne ýüklenipdir.

Ýeri gelende bellesek, Dünýä çempionaty – 2022-niň çäginde “H” toparçada duşuşýan Liwanyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 10-njy oktýabrda Beýrut şäheriniň “Kamil Şamun Sports Siti” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň