Soňky habarlar

Arhiw

«Ter önüm» hojalyk jemgyýeti «ANUGA 2019» halkara sergisine gatnaşýar

21:5307.10.2019
0
7907

5 — 9-njy oktýabry aralygynda Germaniýanyň Kýöln sergi toplumynda «ANUGA 2019» atly azyk önümleriniň we içgileriň halkara sergisi geçirilýär. Oňa  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti gatnaşýar. «ANUGA» azyk önümleriniň we içgileriň dünýäde iň uly sergileriniň biri bolup, 1919-njy ýyldan bäri geçirilýär – diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Şu ýylky serginiň tutýan meýdany 280 müň inedördül metre barabar bolup, oňa 107 döwletden 7 müň 500-den gowrak wekil gatnaşýar. Gatnaşyjylaryň sany boýunça şu gezekki serginiň 2017-nji ýylda goýan rekordyny täzelemegine garaşylýar. Şeýle-de, bu sergä 198 döwletden 180 müňden gowrak myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şu ýyl 100 ýyllygyny belleýän sergä 2 müň 300-den gowrak innowasiýa taslamalary, önümleri çykarylýar.

«Ter önüm» hojalyk jemgyýeti  ilaty ter gök, bakja, miwe önümleri bilen üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýar. Onuň ýörite ylmy-innowasiýalar merkezinde oba hojalygynyň dürli ugurlaryna degişli ylmy-barlaglar hem alnyp barylýar. Ýakynda onuň wekilleri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bolup, bu baradaky okuwlara-da gatnaşdylar. Ýeri gelende bellesek, ýakynda «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlarynyň döredilmegi taslamasynyň (CTJ) ýardam etmeginde «Gyzyl gülaby» gawunynyň 18,5 tonnasyny Awstriýa Respublikasyna eksport etdi. Ýörite saýlanylan we ekologiýa taýdan arassa karton gaba gaplanan gawunlar sowadyjyly ýük awtoulaglarynda dokuz günde Daşoguzdan Wena ýetirildi.

Geljekde telekeçiler türkmen gawunlarynyň eksportyny giňeltmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen olary Hytaýa, Hindistana, Ýewropa eksport etmegi meýilleşdirýärler. Şeýle gawunlaryň, miweleriň we gök önümleriň, däneli ekinlerden gara mäşiň we beýlekileriň dürli görnüşleri «ANUGA 2019» halkara sergisinde hem görkezilýär.

Bu sergi azyk senagaty boýunça iň meşhur forumlaryň biri bolup, onuň çäginde innowasiýalar, gözlegler, döredijilikli pikirler, giň gerimli hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Oňa gatnaşyp, azyk senagatynyň geljeginiň nähili boljakdygyny görmek bolýar. Sebäbi bu ýerde dürli temalar, ugurlar boýunça iň soňky gazanylanlar «Ylham serhowzy» ýaly täsin bölümlerde görkezilýär. Aýry-aýry bölümlerde görkezilýän esasy iýmit önümleri, doňdurylan önümler, et, şöhlat önümleri, aw we guş eti, balyk, gök we bakja ekin önümleri, miweler, ýarym gaýtadan işlenilen önümler, süýt we süýt önümleri, çörek we çörek önümleri, içgiler, dürli ýurtlaryň aşhanalarynyň inçe syrlary sergä gelenlerde uly täsir galdyrýar. Onuň çäklerinde maslahatlar, okuwlar, sylaglaýyş dabaralary we beýleki gyzykly çäreler guralýar.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň