Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady

23:5906.10.2019
0
13671

6-njy oktýabrda Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler topluma gül desselerini goýan we bu ýerdäki sadaka gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeliniň oturdylan ýerine geldi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň müftisi bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň heýkelini hatyralap, gül dessesini goýdy. Bu ýerde merhumyň ruhy ýatlanyp, aýat-töwir okaldy ― diýip, TDH habar berýär.

Ýurt Garaşsyzlygyny goramakda, Türkmenistanyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçiren S.A.Nyýazowyň bitiren işleriniň nusgalykdygy barada aýdyp, milletiň Lideri bu işleriň unudylmaly däldigine ünsi çekdi.

Munuň özi tutuş adamzat üçin ähmiýetli bolan ynsanperwerlikli dessurlaryň häzirki zamanda döwrebap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Türkmenistanyň Prezidenti bu işleriň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän oňyn ýörelgelerine we ýagşy dessurlaryna laýyk derejede ösdüriljekdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň