Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp serge guraldy

23:5006.10.2019
0
4051

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanan «Watan mertleri hatyralaýar» atly sergi guraldy. Onuň açylyşy mynasybetli geçirilen dabarada Watan ugrundaky söweşlerde baş goýan gerçekler ýatlanyldy. Sergi dört bölümden ybarat bolup, onda muzeýiň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar, hormatly Prezidentimiziň dürdäne kitaplary, şeýle-de türkmen zergärleriniň ajaýyp sowgatlyk eserleri görkezilýär. Sergide paýtagtymyzyň ýertitremesinden öňki durkuny görkezýän hem-de Aşgabat şäheriniň şol pajygaly gijeden soňky keşbini beýan edýän fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Sergide bu gözellikleri beýan edýän suratlara giň orun berlipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň