6-njy oktýabr – Hatyra güni

13:1706.10.2019
0
18928

Şu gün – 6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär.

Şu gussaly sene mynasybetli, ýurduň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilip, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilýär.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy paýtagtyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Bu toplum gahryman türkmenistanlylaryň baky şöhratyna we edermenligine häzirki nesilleriň mukaddeslik hökmünde tagzym edýändiginiň alamatydyr. Ýurduň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelge bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir.

Hatyra gününde çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýertitremesiniň şehitleri, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlary ýatlanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň