Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusion toparyň birinji mejlisini geçirdi

22:3505.10.2019
0
6318

4-nji oktýabrda Türkmeistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglylykda, teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň birinji mejlisini geçirdi. Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň başyny başlaýan giň gerimli oňyn özgertmelerini durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň Konstitusiýasyny has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Şol özgertmeleriň maksady demokratik-hukuk, dünýewi türkmen döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmakdan hem-de durmuş ugurly syýasy ugruny amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumymilli forumyň ikinji mejlisinde Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek hem-de Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň uly ähmiýetli taryhy ädim bolandygy, demokratik edaralary, döwletiň we jemgyýetiň bitewüligini berkitmegiň subutnamasydygyny belledi.

Soňra milli Liderimiz adalat ministri B.Muhamedowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyny döwrebap kämilleşdirmek barada döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlarynyň ýurdumyzda gazanylýan köpugurly ösüşleriň hukuk binýady bolup çykyş edýändigini belläp, bu möhüm işiň raýat jemgyýetini berkarar etmek, konstitusion özgertmeleri geçirmek, milli kanun çykaryjy edarany iki palataly ulgama geçirmek baradaky teklipleriniň halkymyzyň giň goldawyna eýe bolandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek, onuň döwlet gurluşyndaky hem-de jemgyýetdäki ornuny has-da berkitmek bilen bagly özgertmeler milli kanunçylygymyzyň mundan beýläk-de kämilleşmegine ýardam berer we döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hem-de ýurdumyzy ösen senagat ýurduna öwürmekde berk hukuk bolup hyzmat eder.

         Adalat ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy toparyň agzalarynyň hem-de ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işgärleriniň hukuk özgertmelerini hem-de milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Ol konstitusion özgertmeleri geçirmek hem-de Türkmenistanyň Esasy Kanunyny dünýä ölçeglerine we döwrüň talaplaryna kybap getirmek maksady bilen ýakyn döwür üçin meýilleşdirilen işler barada habar berdi.

Häzir milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary netijesinde eziz Watanymyz Türkmenistan belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny ýöredýän Garaşsyz döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýy dünýäde pugtalanýar.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýtdy.Çykyş edýäniň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bu ugurdaky işler çäreleriň tassyklanylan meýilnamasy esasynda alnyp barylýar hem-de ilatyň syýasy-döwlet ähmiýetli çärä işjeň gatnaşmak üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle hem Esasy Kanunyň täze redaksiýasynyň taslamasy taýýarlananda bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesiniň hem-de döwlet gurluşygynyň toplanylan milli tejribesiniň hasaba alynjakdygy bellenildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek işlerini Mejlis, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, raýatlar, ylmy edaralar, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary, ýerli häkimiýet edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alyp barmak göz öňünde tutulýar.

TDP-niň, beýleki iri jemgyýetçilik guramalarynyň ähli agzalarynyň hem-de işjeňleriniň milli Liderimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyjyny doly goldaýandyklaryny nygtap, Demokratik partiýanyň ýolbaşçysy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlary diňläp, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň Başlygynyň orunbasary edip bellemek hem-de bu toparyň iş meýilnamasy baradaky teklipleri tassyklap, degişli resminamalara gol çekdi.

Toparyň esasy wezipesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalaryna girizmek üçin üýtgetmeleri we goşmaçalary taýýarlamakdan ybaratdyr. Şu babatda Topar Mejlisiň iki palatadan ybaratdygyny, olaryň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny, ygtyýarlyklarynyň möhletlerini, olary döretmegiň we wekilçiligini üpjün etmegiň tertibini anyk kesgitlemelidir.

Şeýlelikde, dünýädäki kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda, özbaşdaklyk, adalatlylyk, açyklyk we aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda iki palataly kanun çykaryjy edaranyň sazlaşykly işlemegini gazanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilen ähli kadalaryň berjaý edilmegini göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şu meselelere degişli düzgünler we kadalar döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmakda toplanan milli we halkara tejribäni öwrenmek esasynda, şeýle hem gelip gowuşýan teklipleri hasaba almak bilen, işlenip taýýarlanmalydyr.Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Konstitusion kanuny, «Türkmenistanyň Mejlisi hakyndaky» Kanuny we beýleki birnäçe kanunçylyk namalaryny seljermegiň hem-de şolara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly ähli işler ýurdumyzyň alymlarynyň, döwlet edaralarynyň, syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de raýat jemgyýetiniň beýleki wekilleriniň, raýatlarymyzyň köplüginiň pikirini beýan edýän adamlaryň giň toparynyň işjeň gatnaşmagynda geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Olardan gelip gowuşýan teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça çäreler giň gerimde bolmaly. Bu ugurda alnyp baryljak işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, alymlaryň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda kärhanalarda hem-de guramalarda duşuşyklary geçirmeli diýip, milli Liderimiz belledi. Teleýaýlymlarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlarydyr «tegelek stollaryň» başyndaky söhbetdeşlikleri guramak möhümdir.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleri guramagy Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa, adalat ministri B.Muhamedowa hem-de Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýewe tabşyrdy.

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek üçin parlamentarizmiň dünýäde toplanan tejribesiniň iň gowy düzgünlerini goldanmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, bu ugurda geçirilýän işlerde Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy mümkinçiliginiň giňden peýdalanylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz wise-premýer G.Myradowa «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak we ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly çäreleri maliýe-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa ýokarda agzalan kanunyň taslamasyny halkymyz giňden ara alyp maslahatlaşar ýaly, sanly ulgamyň, kämil kommunikasiýa tehnologiýalarynyň hem-de aragatnaşyk serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny ýola goýmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz wise-premýer P.Agamyradowa ýüzlenip, onuň gözegçilik edýän ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň milli parlamentiň işini kämilleşdirmek meselesine ylmy jemgyýetçiligi giňden çekmelidigini nygtady. Ýurdumyz bilen ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk edýän beýleki döwletleriň ylmy edaralarynyň wekilleriniň mümkinçiligini giňden peýdalanmaly. Bu ugurda alnyp barylýan işlere talyp ýaşlar, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri işjeň gatnaşmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňra milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip we olaryň öňünde konstitusion özgertmeleri geçirmek bilen bagly uly wezipeleriň durýandygyny nygtap, ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň öz tekliplerini erkin beýan edip biler ýaly ähli mümkinçilikleri döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz döwletimiziň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak we howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin, Esasy Kanunymyzy täzelemegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny her bir harby gullukça düşündirmegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary A.Serdarowyň, B.Annagurbanowyň, S.Owganowyň, G.Ataýewanyň hem-de Ý.Öwezberdiýewiň öňünde wezipeleri goýup, olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, şeýle hem milli parlamentiň işini kämilleşdirmek bilen bagly giňden düşündiriş işlerini guramalydygyny belledi.

Bu ugurda geçiriljek işleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak hem-de ony 2020-nji ýylda Halk Maslahatynyň mejlisinde seretmek üçin hödürlemek göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly ulgamyna geçmegi milli parlamenti türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän edara öwürmäge şert döreder. Häzirki döwrüň wagty ýeten wezipelerini çözmäge, saýlawçylar bilen deputatlaryň ysnyşykly özara gatnaşyklaryny has netijeli ýola goýmaga ýardam edýän kanunlary taýýarlamakda hem-de ulanmakda işleriň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirer.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hemmelere, şol sanda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, kärhanalaryň hem-de guramalaryň ýolbaşçylaryna, şol dabaralary taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşan aýry-aýry adamlara minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem milli Liderimiz bu çäreleri taýýarlamakda hem-de geçirmekde aýratyn tapawutlanan adamlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň