Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda jemi içerki önüm 6,3 göterim ýokarlandy

13:0705.10.2019
0
9363

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemleri, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi – diýip, TDH ýazýar.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa hasabat berdi. Ol şu geçen döwürde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Bu görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Ministrlikler we pudak edaralary boýunça görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, ýanwar — sentýabr aýlarynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim artdy.

Dokuz aýyň netijeleri boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem ösüş gazanyldy. Jemi öndürilen önümiň düzüminde onuň paýy 65,7 göterime ýetdi. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn netijeler gazanyldy. Bu görkezijiniň 2,8 göterim ýokarlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanyna Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,6 göterim ýokarlandy.

Ýylyň başyndan bäri ýurduň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygy alnyp barlyp, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 27,3 milliard manada barabar boldy.Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berildi.«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 242 desganyň 9-synda gurluşyk işleri tamamlandy, 107-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işler dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň