Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: garşydaşymyz ertir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

10:3704.10.2019
0
3475

FIFA-nyň şu aýdaky milli ýygyndylaryň duşuşyklary boýunça ýörite sanawyna ertir ― 5-nji oktýabrda geçiriljek Malaýziýa ― Şri-Lanka ýoldaşlyk duşuşygy hem girizilipdir. Şri-Lankanyň bu duşuşygy 10-njy oktýarda Koreýa Respublikasy bilen boljak resmi duşuşygyň taýýarlyk tapgyryna öwrüler.

Şol gün geçiriljek üçünji tapgyrda Liwan ― Türkmenistan, Koreýa Respublikasy ― Şri-Lanka duşuşygy geçiriler. KHDR-nyň milli ýygyndysy bolsa şol gün dynç alar. Futbolçylarynyň aglabasy «April 25-de» çykyö edýän demirgazyk koreýalylar bu ýakynda ýoldaşlyk duşuşygyny meýilleşdirmeýärler. Çünki «April 25-iň» AFK-nyň kubogynda hem finala çykandygyny habar beripdik.

Malaýziýa ― Şri-Lanka duşuşygyna gaýdyp gelsek, FIFA-nyň reýtinginde bu jübütleriň birinjisi 158-nji, ikinjisi bolsa 203-nji orny eýeleýär. Saýlama tapgyryň «G» toparçasynda ýaryşýan Malaýziýada 2 duşuşykdan soňra 3 utuk bar. Biziň topardaşymyza bolsa heniz utuk gazanmak başardanok .

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň