AFK-nyň kubogy ― 2019-da finalyň ady: «April 25» ― «Al Ahed»

17:0503.10.2019
0
3444

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň finalçylary belli boldy. Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň «April 25» topary bilen Liwanyň «Al-Ahedi» 2-nji noýabrda Phenýanda boljak final duşuşygynda arzyly Kubok üçin göreşer.

Interzolagyň finalynyň ilkinji duşuşygynda «April 25-iň» myhmançylykda Wýetnamyň «Hanoý» topary 2:2 hasabynda deňme-deň oýnandygyny habar beripdik. Hanoý şäherindäki jogap duşuşygy bolsa golsuz deňlik bilen tamamlandy. Şeýlelikde, geçen ýyl «Altyn asyr» bilen geçiren iki duşuşygynyň netijesinde myhmançylykdaky gollaryň tapawudy bilen Interzolagyň finalynda ýaryş bilen hoşlaşmaly bolan «April 25» bu ýyl edil şu aýratynlyk bilen finala çykdy.

Liwanyň «Al-Ahed» topary bolsa Günbatar zolagyň finalynda Iordaniýanyň «Al-Jazirasyny» myhmançylykda 1:0 hasabynda ýeňip, final duşuşygyna hukuk gazandy. AFK-nyň kubogyna ilkinji gezek 2017-nji ýylda gatnaşan «April 25» şol ýyl Interzolagyň ýarym finalyna, geçen ýyl Interzolagyň finalyna çenli baryp ýeten bolsa, bu taryhynda ilkinji gezek final oýnar. Onuň garşydaşy «Al-Ahed» hem ilkinji gezek finala çykyp görýär. Final duşuşygy 2-nji noýabrda Phenýanyň «Kim II-sung» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň