Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry üçin Serdar Azmun Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy

11:3903.10.2019
0
2897
Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry üçin Serdar Azmun Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy

«Zenidiň» hüjümçisi Serdar Azmun Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çägindäki duşuşyk üçin Eýranyň milli ýygyndysyna çagyryldy diýip, piter klubynyň metbugat gullugy habar berýär.

Eýranyň futbol ýygyndysy oktýabr aýynda iki duşuşyk geçirer. Ýygyndy 10-njy oktýabrda Kambojany kabul eder. 15-nji oktýabrda bolsa eýranly futbolçylar myhmançylykda Bahreýniň ýygyndysy bilen duşuşarlar. Eýran Yrak, Bahreýn, Gonkong we Kamboja bilen bir toparçada ýaryşýar.

Milli ýygyndyda 45 duşuşyk geçiren eýranly türkmen Serdar Azmun şolarda 28 gezek tapawutlandy. Ol häzir Eýranyň iň netijeli futbolçylarynyň bäşliginde. Şu ýyl hüjümçi «Zenidiň» gatnaşýan ähli ýaryşlarynda 13 duşuşyk geçirip, olarda 6 gezek tapawutlandy. 

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň