Soňky habarlar

Arhiw

«Dordoýyň» nobatdaky duşuşygyndan soňra Wahyt Orazsähedow milli ýygynda goşular

11:2403.10.2019
0
4007

Bişkegiň «Dordoý» futbol toparynyň 27 ýaşly hüjümçisi Wahyt Orazsähedow Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysyndan resmi çakylyk aldy diýip, klubyň resmi saýty habar berýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, hüjümçi Gyrgyzystanyň çempionatynda «Ilbirs» bilen boljak duşuşykdan soňra milli ýygyndynyň hataryna goşular. Wahyt Orazsähedow şu saýlama tapgyrda eýýäm bir gezek tapawutlanmagy başardy. Milli ýygyndymyzyň Şri-Lankany myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňen duşuşygynda pökgüleriň birini Wahyt Orazsähedow geçirdi.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 4-nji oktýabrda dört günlük okuw-türgenleşigi üçin Dubaý şäherine (BAE) ugraýar. 10-njy oktýabrda bolsa türkmen futbolçylary Beýrut şäherindäki «Kamil Şamun Sports Siti» stadionynda Liwanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Şol duşuşykdan bäş gün soňra milli ýygyndymyz El-Kuweýtde ýerli ýygyndy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň