Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Beýik Britaniýa iş saparyny amala aşyrýar

18:0202.10.2019
0
8719

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň we Ahal welaýatyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň birleşen Patyşalygynyň paýtagty - London şäherine iş sapary bilen bardylar – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda nygtalyşy ýaly, saparyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça Ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson bilen duşuşygy hem-de Beýik Britaniýanyň Daşky gurşaw, azyk harytlary we oba hojalygy minsitrliginde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýetini we dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmen-britan gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem berkidilmegine uly gyzyklanma bildirip, taraplar wajyp meseleleriň birnäçesini, şol sanda, oba hojalykda sanly ulgamy peýdalanmak boýunça, işiň öndürijiligini ýokarlandyrmak, iki ýurduň oba hojalyk boýunça okuw jaýlarynyň arasynda tejribe we ylmy barlaglary alyşmak babatda meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Demirgazyk Irlandiýanyň birnäçe ylmy-barlag merkezlerine baryp gördi. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Oba hojalygy we telekeçilik boýunça kolleje bardy we onuň direktory bilen duşuşdy. Ol ýerde türkmen wekilleri kollejiň barlag

we okuw desgalary hem-de olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti “Mowanager” balyk hojalygyna bardy we bu hojalygyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy. Tanyşdyrylyşyň dowamynda türkmen wekiliýeti bu balyk hojalygynyň işi bilen tanyşdyryldy.

Mundan başga-da, wekiliýetiň iş saparynyň meýilnamasyna Oba iýmit senagaty we biologiki ylymlary instituty we Global azyk haryt howpsuzlygy instituty bilen tanyşmaklyk hem girizilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň