Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollary» Jidde we Kuala-Lumpur şäherlerine howa gatnawlaryny ýola goýar

15:2802.10.2019
0
64737

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň döwrebap uçarlar bilen üpjünçiliginiň has gowulandyrylmagynyň netijesinde agentlik täze howa gatnawlaryny hem açýar.

Agentlikden «Turkmenportala» habar berlişi ýaly, şu ýylyň dekabr aýyndan başlap, Aşgabat ― Kuala-Lumpur aralygynda täze howa gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär. «Boeing 777-200LR» uçary Malaýziýanyň paýtagtyna hepdede üç gezek gatnaw amala aşyrar. Şeýle hem şol aýda hepdede iki gezek Saud Arabystanynyň Jidde şäherine howa gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem agentlik ýakyn geljekde Wýetnamyň Hoşimin şäherine hem howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu gatnawlar köp sanly syýahatçylaryň islegleri nazarda tutup açylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň