Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň merkezi seýilgähleriniň birine pyýada gezelenç etdi

14:5802.10.2019
0
18377

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 1-nji oktýabrda geçirilen bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde Aşgabadyň merkezi boýunça pyýada gezelenç edip, onuň abadançylygyna hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi. Paýtagtymyzyň daşky keşbi onuň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyň, halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmündäki derejesini şöhlelendirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we hökümet agzalaryna degişli görkezmeleri berdi.

Häzirki döwürde hem bu ýer aşgabatlylaryň söýgüli seýilgäh zolaklarynyň biridir. Bu ýere raýatlarymyz maşgalasy bilen dynç almaga gelýärler. Döwlet Baştutany bular barada aýtmak bilen, toý tutýan ýaş çatynjalaryň we olaryň myhmanlarynyň bu ýere şanly waka barada ýadygärlik surata düşýändikleri hem tötänden däldir diýip belledi.

Milletiň Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabatda şäherlileriň ençeme nesillerini baglanyşdyrýan şeýle ýerleriň ähmiýetini saklamagyň, ýaşaýjylar üçin olaryň özüne çekijiligini saklap galmagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany seýilgäh zolaklaryny guramaga döwrebap çemeleşmeleri, landşaft binagärligiň we bezegiň kämil usullaryny ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berip, Aşgabadyň abadançylygyna bildirilýän esasy talaplary kesgitledi. Bu işde esasy zat adam hakyndaky alada bilen baglanyşyklydyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň we jemgyýetiň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän ählihalk baýramçylyklarynyň ähmiýetini belläp, öňümizdäki şanly senelere mynasyp taýýarlyk görülmelidigini, olara gabatlanyp geçiriljek dabaralaryň hem-de türkmen paýtagtynda guraljak iri halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi talap etdi.

Şeýle hem Aşgabadyň binagärlik babatda özboluşlylygyny kemala getirmek, ak mermerli paýtagtymyzyň gaýtalanmajak keşbini döretmek üçin kiçi we monumental binagärligiň sazlaşygyny emele getirmek meselelerine içgin we oýlanyşykly çemeleşmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda geçirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň