Şu gije Ýewropada futbol boýunça Çempionlar ligasynyň ikinji tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary tamamlandy. Käbir duşuşyklarda garaşylmadyk netijeler gazanylan bolsa, Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň käbiriniň utuk ýitirmegi bu ýylky göreşiň has ýitidigini görkezýär.
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji tapgyrynyň geçen gije geçirilen duşuşyklarynyň netijesi:
A toparça: «Galatasaraý» (Stambul, Türkiýe) — «Pari Sen-Žermen» (Pariž, Fransiýa) — 0:1; «Real» (Madrid, Ispaniýa) — «Brýugge» (Belgiýa) — 2:2;
B toparça: «Tottenhem Hotspur» (London, Angliýa) — «Bawariýa» (Mýunhen, Germaniýa) — 2:7; «Srwena Zwezda» (Belgrad, Serbiýa) — «Olimpiakos» (Pireý, Gresiýa) — 3:1;
C toparça: «Atalanta» (Bergamo, Italiýa) — «Şahtýor» (Donesk, Ukraina) — 1:2; «Mançester Siti» (Angliýa) — «Dinamo» (Zagreb, Horwatiýa) — 2:0;
D toparça: «Lokomotiw» (Moskwa, Russiýa) — «Atletiko» (Madrid, Ispaniýa) — 0:2; «Ýuwentus» (Turin, Italiýa) — «Baýer 04» (Lewerkuzen, Germaniýa) — 3:0.
Şu gün Çempionlar ligasynda «Slawiýa» ― «Borussiýa Dortmund», «Genk» ― «Napoli», «RB Leýpsig» ― «Lion», «Liwerpul» ― «Red Bull», «Lill» ― «Çelsi», «Zenit» ― «Benfika», «Walensiýa» ― «Aýaks» hem-de «Barselona» ― «Internasional» duşuşyklary geçiriler.