«Türkmenistan: Sport» şu hepdedäki Italiýa derbisini göni ýaýlymda görkezer

18:4101.10.2019
0
5083

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy Ýewropanyň we dünýäniň öňdebaryjy futbol çempionatynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp bermegini dowam etdirýär.

Şu hepde ýaýlym Italiýanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň merkezi oýnuny ― «Inter» ― «Ýuwentus» duşuşygyny hem öz meýilnamasyna goşdy. Duşuşyk 6-njy oktýabrda 23:55-de başlar.

Şeýle hem şu hepde türkmenistanly futbol janköýerlerine Ýewropanyň «Milan», «Walensiýa», «Napoli» ýaly öňdebaryjy toparlarynyň duşuşyklaryna göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkinçiligi garaşýar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda teleýaýlymda 4 ― 6-njy oktýabr aralygynda görkeziljek duşuşyklar şu tertipde hatarlanýar:

4.10.2019, La Liga ― Ispaniýa, Real Betis ― Eýbar, 23:55;

4.10.2019, La Liga ― Ispaniýa, Walensiýa ― Alawes, 21:25;

5.10.2019, Seria A ― Italiýa, Ženoa ― Milan, 23:40;

5.10.2019, Seria A ― Italiýa, Fiorentina ― Udineze, 15:25;

6.10.2019, Seria A ― Italiýa, Torino ― Napoli, 20:55;

6.10.2019, Sera A ― Italiýa, Internasional ― Ýuwentus, 23:55.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň