Soňky habarlar

Arhiw

Liwan bilen boljak duşuşykdan ozal Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dubaýda OTÝ geçirer

18:2001.10.2019
0
11894

Futbol boýunça Türkmenstanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionaty – 2022-niň hem-de Aziýa Kubogy – 2023-iň çäginde Liwanyň ýygyndysy bilen geçirjek saýlama tapgyryň duşuşygynyň öňüsyrasy 4-nji oktýabrda dört günlük okuw-türgenleşigini geçmek üçin Dubaý şäherine ugur alar ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýakynda bolsa milli ýygyndymyzyň horwatiýaly baş tälimçisi Ante Mişe halkara oýnuna gatnaşmak üçin ýygyndy toparyň düzümine çagyrylan 23 ooýunçynyň adyny mälim etdi.

Ýeri gelende bellesek, Liwanyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 10-njy oktýabrda Beýrut şäheriniň “Kamil Şamun Sports Siti stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.

Bu duşuşygyň yzysüresi ýygyndy toparymyz Kuweýtiň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek üçin El-Kuweýt şäherine ugrar. Milli ýygyndymyz bilen Kuweýtiň ýygyndy toparynyň arasyndaky duşuşyk 15-nji oktýabrda geçiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň